Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saylaw möwsüminiň başlandygyny yglan etdi

BT
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saylaw möwsüminiň başlandygyny yglan etdi
Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklar geçirmek boýunça Merkezi toparynyň binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklar geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onuň dowamynda 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň  başlanandygy yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy martynda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynda halk maslahatlarynyň agzalaryna saýlawlar geçiriler. Şeýle hem ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň bes edilmegi bilen baglylykda, Mejlis deputatlarynyň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, şeýle-de welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriniň agzalaryna saýlawlar geçiriler.

Mejlise Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw kampaniýasyny taýýarlamak we geçirmek boýunça senenamalaýyn meýilnamany tassyklap, saýlawlaryň aç-açanlygyny, bäsdeşlik şertlerini hem-de ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 1992-nji ýylda döredildi.

 

2022