Bathyz goraghanasynda fotogapanlar arkaly çagaly ene alajagaplaň hasaba alyndy

BT
Bathyz goraghanasynda fotogapanlar arkaly çagaly ene alajagaplaň hasaba alyndy
Ene alajagaplaň çagasy bilen, Bathyz goraghanasy, Türkmenistan

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda hereket duýujy surat enjamlary arkaly ene alajagaplaň çagasy bilen bilelikde hasaba alyndy. Alnan täze maglumatlar bu seýrek görnüşiň goraghananyň çäginde durnukly köpelýän toparynyň bardygyny tassyklaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen, şeýle hem Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) we Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) sanawlaryna girizilen alajagaplaň boýunça ylmy gözegçilikler Kopetdag, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynda, şeýle hem Uly Balkan daglarynda hem alnyp barylýar.

Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň ýabany pişikler boýunça agzasy Tatýana Rozeniň bellemegine görä, alnan maglumatlar alajagaplaňyň we ýabany pişikleriň başga görnüşleriniň ekologiýasyny we biologiýasyny ylmy tarapdan öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Barlaglar Conservation X Lab guramasy bilen hyzmatdaşlykda we döwlet tebigy goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Hünärmenleriň nygtamagyna görä, alajagaplaňyň nesliniň yzygiderli bellige alynmagy onuň tebigy ýaşaýyş şertleriniň amatlydygyny hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan tebigaty goramak çäreleriniň netijeliligini görkezýär.

Aziýa alajagaplaňy — ýyrtyjy süýdemdiriji pişikler maşgalasyna degişli bolup, alajagaplaňyň bir görnüşidir. Ol Kawkaz sebitinde, şeýle hem Günbatar we Merkezi Aziýada giňden ýaýrandyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022