Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) 2026-njy ýylyň 20–23-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda ykdysady forumy hem-de SPECA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde Dolandyryş geňeşiniň 20-nji mejlisini geçiriler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) penşenbe güni habar bermegine görä, bu çäreler sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin esasy meýdança bolar.
Forumyň esasy mowzugy — “Durnukly ösüş üçin sebitara arabaglanyşyk” bolup, onuň çäklerinde energetika, ulag we söwda arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegi, ulag koridorynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de SPECA agza ýurtlarynyň arasynda kanunçylygyň utgaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu forumyň dowamynda SPECA-nyň esasy strategik resminamalarynyň ýerine ýetirilişindäki gazanylan ösüşe, şol sanda Transhazar gecelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça Ýol kartasyna hem-de 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasyna garalar.
SPECA — BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasy bolup, ol agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dünýä ykdysadyýetine birleşmegini we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirlendir. 1998-nji ýylda döredilen bu maksatnama, başda Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Özbegistan ýurtlary bilen başlanandan soňra, Owganystan, Azerbaýjan we Türkmenistan hem goşuldy.


















