Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkiýäniň “Burteks Tekstil” we Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýalarynyň wekilleri ýüplük bazarynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljekde ösüşiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
“Rieter” kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu duşuşyk 13–16-njy ýanwar aralygynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen “Heimtextil 2026” halkara sergisiniň çäginde guraldy.
“Rieter” — ýüplük öndürmek üçin enjamlar bilen üpjün edýän halkara şweýsar kompaniýasydyr. Kompaniýa tebigy hem-de himiki süýümleri gaýtadan işlemek boýunça innowasion çözgütleri işläp taýýarlaýar we onuň enjamlary dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän ýüplük kärhanalarynda giňden ulanylýar.
“Burteks Tekstil” dokma pudagynda işleýän türk kompaniýasy bolup, ol dokma önümleriniň önümçiligi we üpjünçiligi bilen meşgullanýar. Kompaniýa önümleriň ýokary hiline aýratyn ähmiýet berýär hem-de işinde häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga üns berýär.


















