Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew degişli başlangyç boýunça çykyş etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugaty habar bermegine görä, wise-premýer gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy "Lapis Lazuli", TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär diýip, wise-premýer belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny ösdürmek, üstaşyr kuwwatyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


















