Özbegistan türkmen-özbek serhetýakasynda döredilen “Şawat–Daşoguz” erkin söwda zolagyndaky söwda desgalaryny kärendesine bermäge başlady. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrligi şenbe güni habar berdi.
“Şawat–Daşoguz” erkin söwda zolagy iki ýurduň arasyndaky serhetýaka söwdasynyň işjeň ösdürilmegine gönükdirilip, telekeçilere döwrebap infrastrukturasyny hödürleýär.
“Şawat–Daşoguz” erkin söwda zolagy 3,1 gektar meýdanda ýerleşýär. Zolagyň çäginde 112 sany açyk söwda nokady, 28 sany ýapyk pawilýon we 16 sany söwda dükan hereket edýär. Şeýle-de bu ýerde dermanhanalar, lukmançylyk otaglary, dellekhanalar, myhmanhana, naharhana hem-de 300 awtoulag üçin niýetlenen giň awtoduralga bar.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda wizasyz tertibiň bolmagy, söwdanyň ösdürülmegi, ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi, durnukly hem-de uzak möhletleýin telekeçilik üçin amatly şertleri döredýär.
Söwda nokatlaryny kärendesine almak “e-auksion.uz” onlaýn platformasy arkaly geçirilýän auksionlaryň üsti bilen amala aşyrylýar.
“Şawat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy 2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda doly açylyp ulanylmaga berildi we ol häzirki wagtda işjeň hereket edýär.


















