“Valentino” moda öýiniň esaslandyryjysy Walentino Garawani aradan çykdy

BT
“Valentino” moda öýiniň esaslandyryjysy Walentino Garawani aradan çykdy
Walentino Garawani (Surat: TASS)

Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde italiýaly meşhur moda dizaýneri, “Valentino” moda öýiniň esaslandyryjysy we XX asyryň iň täsirli dizaýnerleriniň biri bolan Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy.

Habarlara görä, moda ussady Rimdäki öz rezidensiýasynda, ýakynlarynyň arasynda, asuda ýagdaýda aradan çykdy. Bu barada Walentino Garawani we Jankarlo Jammеtti adyndaky gaznasy sişenbe güni habar berdi.

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni moda dizaýneriniň aradan çykmagy bilen baglylykda gynanç bildirdi. Ol öz ýüzlenmesinde Walentino Garawanini italýan nepisliginiň nyşany hökmünde häsiýetlendirip, onuň döredijilik mirasynyň geljek nesilleri hem ruhlandyrmagyny dowam etdirjekdigini belledi.

Walentino Garawani dünýä modasynyň esasy şahsyýetleriniň biri hasaplanýar. Ol 1960-njy ýylda “Valentino” moda öýüniň esaslandyryjylarynyň biri bolup, köp ýyllaryň dowamynda Jorjo Armani we Karl Lagerfeld ýaly meşhur dizaýnerler bilen bir hatarda ýokary modanyň ykrar edilen ussatlarynyň dar toparyna giripdi.

Walentino Garawani öz döredijilik ýolunda patyşalyk maşgala agzalary we dünýä belli şahsyýetler üçin lybaslar taýýarlady. Olaryň hatarynda Žaklin Kennedi, şazada Diana, Sofi Loren, Elizabet Teýlor, Odri Hepbern we beýlekiler bar.

2022