Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzinger bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyna garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Şeýle-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara meýdançalardaky özara hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler we özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda ýola goýuldy.




30921-495x4352.jpg)













