Aşgabat şäherinde anna güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän EYR-nyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisini guramagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda serginiň geçiriljek görnüşini we senelerini, şeýle hem türkmen–eýran Işewürler maslahatyny geçirmek bilen bagly meseleler giňden garaldy.
Duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de senagat, gurluşyk, energetika, ulag we logistika ýaly ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Eýran tarapy Türkmenistanyň işewür toparlaryny Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek halkara we ýöriteleşdirilen sergilere gatnaşmaga çagyrdy hem-de “Iran Prože” sergisiniň işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.
“Iran Prože” sergisiniň öňki tapgyry 2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda geçirildi.


















