Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuýini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
FAO-nyň Baş direktory kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, guramanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary derejesini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýandygyny, oba hojalyk ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirýändigini, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berýändigini hem-de oba hojalyk önümçiligine sanly tehnologiýalary ornaşdyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda FAO-nyň goldawy bilen Türkmenistanda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de “Ýaşyl” howa gaznasynyň we “Bitewi saglyk” çemeleşmesiniň çäklerinde başlangyçlaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti FAO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Sýu Dunýuýi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda “Üýtgeýän howa şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçiriler.








30921-495x4352.jpg)









