Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze ýolbaşçysyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, polkownik Ilaman Myratgulyýewiç Ilamanowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary — baş karargähiň serkerdesi wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem general-maýor Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy.
Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny we her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda degişli Permanlara gol çekildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda hemişelik Bitarap döwletiň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.








30921-495x4352.jpg)









