Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Pälwanow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň ilçileri bilen bilelikde Belgiýanyň Wekiller palatasynyň Prezidenti Piter De Ruwer bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Belgiýa bilen sebitiň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň meselelerine, şeýle-de ulag, energetika, howanyň üýtgemegi we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Çäräniň dowamynda berk we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy faktory hökmünde halklaryň we ýaşlaryň arasynda, bilim we medeniýet ulgamynda gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýeti bellenildi.
Belgiýanyň Wekiller palatasy ýurduň federal parlamentiniň aşaky palatasy bolup, kanunlary kabul etmek, halkara ylalaşyklary tassyklamak hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkärçilik çekýär.


















