Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedowyň Deniel Driskol we Serjio Gor bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Býurosy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda bolsa Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem yzygiderli we oňyn häsiýetde ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

2022