Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol türkmen hyzmatdaşlaryna myhmansöýerlik hem-de açyk dialog üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada ol anna güni öz sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi.
Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda ministr Deniel Driskol ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge umumy ygrarlylygyny tassykladylar.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskoli hem-de ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gory kabul etdi.



30975-495x4352.jpeg)
30976-495x4352.jpeg)













