Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýa komitetiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýa komitetiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maslahatlaşdy
Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Dawid Matikaşwili bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwary, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow anna güni Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara ugry boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, birek-birege ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň ornuny aýratyn beläp geçdiler.

Şeýle-de, konstruktiw we durnukly döwletara gepleşikleri ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022