Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
Türkmenistanyň harby gullukçysy gyzy bilen

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna Gutlagyny iberdi.

Gutlagda bu baýramyň ýurduň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini gorap saklaýan, döwlet howpsuzlygyny üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylara döwlet tarapyndan bildirilýän uly ynamyň nyşanydygy bellenilýär.

“Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň mysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris.” diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galar.

Gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we gullukda uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022