Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

BT
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
Iş orunlarynyň ýarmarkasy, 2024 ýylyň 8-nji oktýabry, Aşgabat şäheri, Türkmenistan (Surat: ashgabat.in)

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Aşgabat şäheriniň Ilatyň zähmet we iş üpjünçilik müdirligi tarapyndan guralýan boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler.

Çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Neytralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ýarmarkanyň geçirilmegine Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti gatnaşar.

Çärä gatnaşmak üçin guramalar, hususy kärhanalar, kompaniýalar hem-de telekeçiler çagyrylýar. Iş berijiler boş iş orunlary baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli tabşyrmaly.

Iş gözleýän raýatlaryň zähmet ýarmarkasyndaky teklipler bilen tanyşmaga mümkinçilikleri bolar. Olaryň ýany bilen şahsyýetlerini tassyklaýan pasporty hem-de zähmet depderçesini getirmegi talap edilýär.

2022