Aşgabatda IIM-niň işgärleri üçin döwrebap kotejler toplumy açyldy

BT
Aşgabatda IIM-niň işgärleri üçin döwrebap kotejler toplumy açyldy
Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin täze kottej toplumynyň açylyşy, 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky döwrebap kottejler toplumynyň täze tapgyry ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Täze ýaşaýyş toplumy uly maşgalalaryň islegleri göz öňünde tutulyp taslama edilen, olaryň her biri giň we bäş otagly 56 sany öýden ybaratdyr. Ýaşaýyş jaýlary ýokary hilli döwrebap mebeller we öňdebaryjy öndürijileriň iň täze durmuş tehnikalary bilen doly enjamlaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze jaý eýelerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle hem, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe täze desgalar ulanmaga berildi. Saýat etrabynda harby bölümleriň binalary we desgalar toplumy açyldy, Esenguly prokuratura binasy, Etrek etrabynda bolsa dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.

2022