Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Mary we Tejen şäherlerinde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap täze binalar ulanmaga berildi.
Mary şäherinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin täze edara binasy we oňa ýanaşyk ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de Içeri işler ministrliginiň welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary açyldy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Maru — şahu jahan” gazetinde habar berilýär.
Tejen şäherinde bolsa Ahal welaýatynyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bölüminiň döwrebap dolandyryş binasy ulanmaga berildi. Bina işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin kompýuter tehnikalary we häzirki zaman iş serişdeleri bilen enjamlaşdyryldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň bölüminiň binasynyň açylyş dabarasyna harby gullukçylar, Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, gurluşykçy hünärmenler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Ahal durmuşy” gazetinde habar berilýär.
Şeýle hem, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe täze desgalar ulanmaga berildi. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýörite gurlan Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky döwrebap kottejler toplumynyň täze tapgyry, Saýat etrabynda harby bölümleriň binalary we desgalar toplumy, Esenguly prokuratura binasy, Etrek etrabynda bolsa dört gatly ýaşaýyş jaýy açyldy.


















