Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BT
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Raşid Meredow bilen Marko Rubionyň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty, Waşington, ABŞ (Surat: Marko Rubionyň “X” social ulgamdaky akkaunty)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hem özara pikir alyşdylar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Mundan öň, geçen hepde ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Gor we ABŞ-nyň Guryýer goşun ministri Deniel Driskol Türkmenistana sapar amala aşyrdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022