Gurbanguly Berdimuhamedow halkara futbol ýaryşyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara futbol ýaryşyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde “Arkadag” futbol topary bilen AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparynyň arasynda geçiriljek halkara futbol ýaryşyna görülýän taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaryşa tomaşa etjekler, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertleriň döredilmelidigine, şeýle hem häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.           

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda halkara giňişlikde uly üstünliklere eýe bolýan “Arkadag” toparynyň ýeňiş gazanmagynyň ýurt üçin uly abraýdygyny, deňme-deň oýnan pursatlarynda bolsa, il içinde aýdylyşy ýaly, “kör abraýdygyny” belledi. Eger türkmen futbolçylarynyň utulan ýagdaýynda hem bu bäsleşigiň türkmen halky üçin toý-baýrama öwrüljekdigini, türkmen türgenleriniň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň yhlasyny gaýgyrman, arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi.

“Arkadag” we “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Oýnuň başlanmagy ýerli wagt bilen sagat 18:45-e meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022