ÝÖB: Türkmenistan $20,6 milliardlyk aziýa maýa goýumlaryny çekdi

BT
ÝÖB: Türkmenistan $20,6 milliardlyk aziýa maýa goýumlaryny çekdi
ÝÖB-niň baş edarasy, Almaty, Gazagystan (Surat: ÝÖB)

Türkmenistan Ýewraziýa sebitinde aziýa maýa goýumlaryny kabul edýän esasy ýurtlaryň hataryna girdi. Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB)  habar bermegine görä, 2016–2025-nji ýyllar aralygynda ýurda gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 20,6 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewraziýa gönükdirilen ähli aziýa maýa goýumlarynyň 57 göterimini özüne çekdi we olaryň umumy möçberi 68 milliard ABŞ dollaryndan ybarat boldy. Özbegistana iň köp, ýagny 22,6 milliard ABŞ dollary möçberinde aziýa maýa goýumlary gönükdirildi. Gazagystan bolsa 19,3 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny çekdi.

Hytaý Halk Respublikasy 66,1 milliard ABŞ dollary möçberindäki goýumlary bilen iň iri maýa goýujy hökmünde çykyş edýär. Aýlag ýurtlary hem takmynan 9 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny goşdular we olaryň esasy bölegi Merkezi Aziýa gönükdirildi.

Görkezilen döwürde Ýewraziýa ýurtlary bilen olaryň aziýa hyzmatdaşlarynyň arasynda jemlenen özara maýa goýumlarynyň umumy möçberi 176 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Täze maýa goýumlarynyň esasy ugry hökmünde elektroenergetika pudagy çykyş etdi we bu ugra 10 milliard ABŞ dollardan gowrak serişde gönükdirildi.

Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) — 2006-nji ýylda Ýewraziýa sebitindäki ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüşi goldamak maksady bilen döredilen köptaraplaýyn bankdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022