Türkmenistanyň wekiliýeti 2–5-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde ýer ulanylyşy we tokaý hojalygy pudagynda klimat çäreleriniň netijeligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan sebitara amaly okuwa gatnaşýar. Çäre Merkezi Aziýada klimat çäreleriniň netijeliligi boýunça Sebit merkeziniň çäginde geçirildi. Bu barada Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik merkezi habar berýär.
Okuwyň dowamynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny we siňdirilişini inwentarlamak boýunça çemeleşmeler, şeýle hem sebit ýurtlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen klimat syýasatyny bahalandyrmak usullary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de maglumatlar bilen işlemek, ýer ulanylyşyndaky üýtgeşmeleri hasaba almak we analitiki gurallary ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Okuwyň işine Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow, şeýle hem Türkmenistanyň degişli edaralarynyň, şol sanda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýada klimat çäreleriniň netijeliligi boýunça Sebit merkeziniň taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ölçeg, hasabat we barlag ulgamlaryny döretmek hem-de dolandyrmak boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.


















