Türkmenistan ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik forumyna gatnaşýar

BT
Türkmenistan ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik forumyna gatnaşýar
ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor B5+1 işewürlik forumynda, 2026-njy ýylyň 4-nji fewraly, Bişkek, Gyrgyzystan (Surat: vb.kg)

Türkmenistan 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Bişkek şäherinde öz işine başlan iki günlük B5+1 formatyndaky işewürlik forumyna gatnaşýar. Bu çäre Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemleýär. Bu barada “24.kg” neşiri habar berdi.

Forumyň işine Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň hökümetleriniň ýokary derejeli wekilleri, işewürlik assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň wekilleri hem-de bilermenler jemgyýetiniň agzalary gatnaşýarlar.

Iki günlük forum Halkara Hususy Telekeçilik Merkezi tarapyndan Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti bilen bilelikde guralyp, ol bir gezeklik geçirilýän çäreden döwlet we hususy pudaklaryň arasynda dialogy ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin köptaraply prosese öwrülýär.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar işewürlik we maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, oba hojalygyny, syýahatçylygy, maliýe-bank ulgamyny, ulag, elektron söwda we IT pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem möhüm ähmiýetli mineral serişdeler babatda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Maksatnama panel çekişmelerini we açyk dialog sessiýalaryny öz içine alyp, forumyň barşynda B5+1 iş toparynyň ýolbaşçylary täzelenen sebitleýin işewürlik gün tertibini hödürlärler.

B5+1 — C5+1 diplomatik platformasynyň işewürlik görnüşidir. Bu platforma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň işewürlik düzümlerine hem-de döwlet edaralaryna sebitde maýa goýumlary, innowasiýalary we ykdysady ösüşi ilerletmek boýunça bilelikde işlemäge mümkinçilik döredýär.

2022