Türkmenistan bilen BAE Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen BAE Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär
Raşid Meredowyň Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 4-nji fewraly, Abu-Dabi, BAE (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny bellediler. Degişli mesele çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda Abu-Dabide geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda Taraplar energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem diplomatlar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylda geçirilýän Bütindünýä Hökümet Sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

2022