“At — myrat” okuw merkezine haýyr-sahawat gaznasyndan pul sowgady gowşuryldy

BT
“At — myrat” okuw merkezine haýyr-sahawat gaznasyndan pul sowgady gowşuryldy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “At — myrat” okuw merkeziniň okuwçylary bilen ýadygärlik surata düşýär.

“At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgady berildi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“At — myrat” okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussat atşynaslar, ökde çapyksuwarlar bolup ýetişmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

“At — myrat” okuw merkezinde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.

2022
ENG TM РУС