“Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary 3 million manat bilen sylaglanyldy

BT
“Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary 3 million manat bilen sylaglanyldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen ýadygärlik surata düşýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, topary 3 million manat bilen sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri “Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!” diýip, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň dowamynda ýurtda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini, çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, Türkmenistanyň tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Şeýle hem şol gün “At — myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgady berildi. 

2022
ENG TM РУС