Russiýanyň “SOKOLOV” zergärçilik brendiniň Türkmenistandaky franşizasy çarşenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda nusgawy sazy, medeniýeti we zergärçilik sungatyny birleşdirýän simfoniki konsert gurnady. Çäre diplomatik wekilhanalaryň wekillerini, işewürleri, sungat işgärlerini hem-de şaý-sep sungatynyň muşdaklaryny bir ýere jemledi.
Sahnada Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr we Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy Atajan Berdiýew çykyş etdi. Konsert klassyky, milli we häzirki zaman saz eserlerini öz içine aldy.
Çärede dirižýor Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygynda rus kompozitory Giorgiý Swiridowyň Puşkiniň “Gar tupany” (“Метель”) eserine döreden sazy ýaňlandy. Konserte meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň we Aman Agajykowyň eserleri girizilip, türkmen saz mirasy aýratyn beýan edildi.
Konsertde aýdymçylar Aýna Baýramgeldiýewa we Milada Nurlyýewa hem çykyş etdi. Tomaşaçylar Julio Kaççininiň (Italiýa) we Lýudowiko Eýnaudiniň (Italiýa), Dmitriý Şostakowiçiň (Russiýa) hem-de Hans Zimmeriň (Germaniýa) eserlerini diňlediler. Şeýle-de konserte häzirki zaman kompozisiýalaryň simfoniki görnüşleri, ýagny Adeliň “Skyfall” aýdymy we “Interstellar” filminiň sazy hem goşuldy.
Konsert ýuwelir sungatynyň nepisligini we takyklygyny ekranda görkezýän wizual elementler bilen utgaşyp, diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
“Bu agşam ýuwelir ussatlygy bilen nusgawy sazyň, ýagny döwür bilen kämilleşen sungatlaryň arasyndaky dialoga öwrüldi” diýip, Aşgabatdaky “SOKOLOV” premium franşiza dükanynyň direktory Yhlas Mämmedow belledi. “Sazyň adamlary bir ýere jemlemäge özboluşly ukyby bar. Bu çärede dürli jemgyýetleriň wekilleriniň medeniýete bolan umumy söýgüleri arkaly bir ýere jemlenýändiklerini görmek ähmiýetli boldy” diýip, Yhlas Mämmedow aýtdy.
Bu konsert Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen hepdäniň möhüm medeni wakalarynyň birine öwrüldi. Ak şäher Aşgabat milli däp-dessurlaryň we dünýä çeperçilik tejribesiniň arasyndaky dialogyň geçirilýän ýeri hökmünde ähmiýetini görkezdi.


















