Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

BT
Türkmenistan telekommunikasiýa we hemra boýunça “Starlink” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
Mämmetguly Astanagulowyň Rebekka Hanter bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewraly, Bişkek, Gyrgyzystan

Türkmenistan we ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasy sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa ulgamlary we döwrebap hemra aragatnaşyk çözgütlerini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu mesele 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Bişkek şäherinde geçirilen ikinji "B5+1" işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň "SpaceX" kompaniýasynyň "Starlink" Global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar uzak möhletli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

“Starlink” — dünýäniň islendik nokadyna ýokary tizlikli internet üpjün etmek maksady bilen “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan ösdürilýän global hemra aragatnaşyk ulgamy. Taslama amerikaly telekeçi Ilon Maskyň eýeçiligindedir we hemralaryň uçurylyşy “SpaceX” kompaniýasynyň raketalary arkaly amala aşyrylýar.

2022