Astana Gazagystan–Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugruny ösdürmäge gatnaşmaga taýýar

BT
Astana Gazagystan–Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugruny ösdürmäge gatnaşmaga taýýar
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “The News International” gazetine interwýu berýär, 2026-njy ýylyň 5-nji fewraly, Pakistan (Surat: Akorda)

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astananyň Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ulag-logistika ugruny ösdürmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti penşenbe güni Pakistanyň “The News International” gazetine beren eksklýuziw interwýusynda aýtdy we Gazagystan bilen Pakistanyň arasyndaky sebitara meseleleri boýunça öz pikirini beýan etdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň bellemegine görä, bu ugur sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de ulag arabaglanyşygyny Günorta Aziýa tarapa giňeltmek nukdaýnazarynda möhüm ähmiýete eýedir.

Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtamagyna görä, Pakistan hem bu strategiýa taýdan möhüm ugur boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär.

Gazagystanyň Lideri üstaşyr we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähli taraplaryň işjeň hem-de utgaşykly gatnaşmagyny talap edýändigini nygtady.

Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan geçelgesi Hyrat – Turgundy böleginde demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Transowgan geçelgesi Pakistanyň Karaçi portuna çykalga berýär we “Demirgazyk–Günorta” taslamasy bilen utgaşykly ýagdaýda Aýlag ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň portlaryna elýeterliligi üpjün eder. 

2022
ENG TM РУС