Türkmenistanda ulaglar arkaly ýük daşamagyň ösüşi 101,4 göterime deň boldy

BT
Türkmenistanda ulaglar arkaly ýük daşamagyň ösüşi 101,4 göterime deň boldy
“Aşgabat-Türkmenabat” awtomobil ýolunyň “Aşgabat-Tejen” böleginden ýük awtoulaglarynyň geçýän pursady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgininiň 106,7 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgininiň 120,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgininiň 119,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkezijiniň 102,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 113 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere ýolagçy we ýük dolanyşygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022