Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) bilermeni Andreý Iowu bilen geçirilen iş duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ýurduň bu gurama bilen bilelikde amala aşyrýan çärelerini we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy – Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyny düzgünleşdirmek, migrasiýa babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň migrasiýa meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş gullugy bolup durýar.


















