Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu resminama berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Guwanç Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


















