Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Respublikasyna iş saparynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi Türkmenistanyň bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem ilçi behişdi bedewleri wagyz etmek hem-de türkmen ahalteke atlarynyň geçiriljek halkara ýaryşarlaryna gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylyň 11-23-nji awgustynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek “FEI World Championship 2026” çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine Fransiýada, Beýik Britaniýada geçiriljek at bilen baglanyşykly çäreleri gatnaşmagy gazanmagyň hem-de olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Türkmenistana ugrady.


















