Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Turkmenistanda takmynan $45 milliardlyk taslamalar amala aşyryldy

BT
Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Turkmenistanda takmynan $45 milliardlyk taslamalar amala aşyryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berýär.

Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi baradaky soraga jogap berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, örän uly amerikan kompaniýalary köpden bäri türkmen bazarynda, möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarynda üstünlikli işleýärler. “Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we iň ýokary baha berýäris, mundan beýläk hem ony höweslendireris we goldarys. Men şeýle kompaniýalaryň arasynda “John Deere”, “General Electric”, “Case”, “Boeing”, “Coca-Cola”, “Sikorsky”, “Caterpillar” ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygynyň äşgärdigini aýdyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, uly milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutup boljakdygyny nygtady.

“Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem elektroenergetika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda gowy mümkinçilikleriň bardygyny görýäris” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýerleşi Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda birleşdiriji köpri bolmaga, Hazar deňzi–Gara deňizine, Ortaýer deňzine hem-de Ýakyn Gündogara çykmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow hut şu strategik ýagdaýyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna bolan iň ýokary derejede oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmesini, umuman aýdylanda, ýurduň daşary syýasat konsepsiýamyzy kesgitleýändigini we onuň binýadynda bolsa hemişelik Bitaraplygyň ýatandygyny nygtady.

ABŞ-a saparynyň dowamynda türkmen tarapy bu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan bilen Florida ştatynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy, şeýle hem işewürlik, maýa goýum we söwda ulgamynda ylalaşyklary gazanmagy maksat edinýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.

2022