Aşgabatda “Kompozitor” kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy mynasybetli maslahat geçirildi

BT
Aşgabatda “Kompozitor” kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy mynasybetli maslahat geçirildi
“Aşgabat” kinoteatrynda geçirilen dabaraly maslahat, 2026-njy ýylyň 22-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Aşgabat” kinoteatrynda ýekşenbe güni “Kompozitor” atly filmiň ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Kompozitor” atly film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürildi.

Şu ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýede Türkmenistanyň kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde “Kompozitor” atly türkmen çeper filminiň görkezilişi guraldy. Soňra bu film üçin TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi gowşuryldy, ýagny filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna TÜRKSOÝ-yň “Goşa ganatly uly laçyn” atly ýörite sylagy gowşuryldy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow “Ganatly altyn bedew” atly ýörite sylag bilen sylaglandy.

Esasy dabara başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi Türkmenistanyň kino sungatynyň taryhyna we ösüşine bagyşlanyldy.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen kinoçylaryny hem-de dabara gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen “Kompozitor” atly türkmen filminiň TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

2022
ENG TM РУС