Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýär
Parahat Durdyýew bilen Nurlan Ýermekbaýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 20-nji fewraly, Hytaý (Surat: Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy)

Türkmenistan we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) söwda-ykdysady ugurda, ulag, logistika we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselä Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen penşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda garaldy.

Türkmen diplomaty ŞHG-nyň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem diplomat ŞHG-nyň Baş sekretaryna Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çärelere, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

ŞHG-nyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak mümkinçiligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýakymly ýatlady.

Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitleri üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny peýdalanmak boýunça amaly dialoga ýurduň taýýardygyny mälim edipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС