Türkmenistan amerikan hyzmatdaşlaryny TOPH taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy

BT
Türkmenistan amerikan hyzmatdaşlaryny TOPH taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy
TOPH gaz geçirijisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn nygtady we amerikan hyzmatdaşlaryň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine ýurduň umyt edýändigini aýtdy.

“Bu gün TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TOPH gaz geçirijisiniň Günorta Aziýa döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Aşgabat Transhazar gaz geçiriji taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС