Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmak gerekdigini aýtdy.
“Biziň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryna golaý bolan ykdysady taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy we aşyrylýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow interwýunyň dowamynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, örän uly amerikan kompaniýalary köpden bäri türkmen bazarynda, möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk senagatynda we beýleki pudaklarynda üstünlikli işleýärler. “Biz şeýle hyzmatdaşlygy goldaýarys we iň ýokary baha berýäris, mundan beýläk hem ony höweslendireris we goldarys. Men şeýle kompaniýalaryň arasynda “John Deere”, “General Electric”, “Case”, “Boeing”, “Coca-Cola”, “Sikorsky”, “Caterpillar” ýaly kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygynyň äşgärdigini aýdyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, uly milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutup boljakdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.









31268-90x604.jpg)








