Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Londonda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň “Lancaster House” hökümet toplumynda Şazada Edward bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar hem-de, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Şazada Edwardyň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki iş günortanlygynda “Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa” görnüşindäki ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygyň ýakynda geçirilmeginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm tapgyr boljakdygy nygtaldy.
Türkmen tarapy mähirli kabul edilişi üçin minnetdarlyk bildirip, baý medeni we diplomatik mirasa eýe bolan Beýik Britaniýa hormatyny beýan etdi. Syýasy we ykdysady dialogy ösdürmek bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 26-njy fewralda Londonda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “CA5+1” görnüşinde geçiriljek ilkinji gepleşiklerine gatnaşmak maksady bilen Beýik Britaniýa iş sapary bilen bardy.








31268-495x4352.jpg)









