Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň goranmak boýunça döwlet ministri Lord Rodni Kouker bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky dialogyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Aýratynlykda hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmak meselelerine, şeýle hem häzirki zaman howplaryna we çagyryşlaryna garşy çäre görmek mehanizmlerini kämilleşdirmäge üns berildi. Çärä gatnaşyjylar sebit hem-de halkara derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen konstruktiw we ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy.








31268-495x4352.jpg)









