Türkmen ilçisi Brýusselde sanlylaşdyrma boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy

BT
Türkmen ilçisi Brýusselde sanlylaşdyrma boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy
Sapar Palwanow “The Talk” bilermenler tapgyrynyň ilkinji sessiýasynyň açylyşyna gatnaşýar, 2026-njy ýylyň 25-nji fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy )

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde “Cardo Brussels” myhmanhanasynyň goldawynda “Norm” platformasy tarapyndan “Diplomatic World” bilen bilelikde guralan “The Talk” bilermenler tapgyrynyň ilkinji sessiýasynyň açylyşyna gatnaşdy. Çärä diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Ýewropa institutlarynyň wekilleri hem-de işewür toparlaryň agzalary gatnaşdylar.

Pikir alyşmalaryň dowamynda sanlylaşdyrma, emeli aňyň çalt depginde ösmegi we milli kanunçylyklary tehnologik özgertmeleriň tizligine laýyk getirmegiň zerurlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem maglumatlaryň goralmagyna, sanly gurşawda ynamy berkitmäge we täze tehnologiýalaryň howpsuz ulanylmagy üçin deňagramly kadalaşdyryjy mehanizmleri döretmäge aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen tarapy sanly tehnologiýalar ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, elektron döwlet hyzmatlarynyň ösdürilýändigini hem-de ýurduň öňdebaryjy halkara tejribeleri ulanmak boýunça taýýardygyny belledi. Türkmenistanyň sanly özgertmeler, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda Ýewropa hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Şol gün ilçi Sapar Palwanow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileri bilen bilelikde Belgiýanyň Ýewropa Parlamentiniň deputaty Paskal Arimont bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС