Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň başlangyçlaryny hödürledi

BT
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Britaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň başlangyçlaryny hödürledi
"Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa" formatyndaky ilkinji ministrler duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy fewraly, London, Beýik Britaniýa (Surat: Bahtiýar Saidowyň sosial ulgamy)

Türkmenistan Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň “Lancaster House” hökümet toplumynda 26-njy fewralda geçirilen daşary işler ministrleriniň mejlisiniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynyň dowamynda dünýä ýüzündäki kynçylyklara netijeli jogap berip bilýän, durnukly we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmegi teklip etdi. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde energetika we  metan zyňyndylaryny azaltmak, şol sanda nebit-gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, uglewodorodlaryň çuňňur gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de täzeden dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek bellenildi.

Duşuşygyň barşynda dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde Londonyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly maliýe we söwda tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem hukuk, konsalting we audit hyzmatlary ýaly hünär hyzmatlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ulag-logistika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we sebitiň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Raşid Meredow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formatyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn esasda işjeň we mazmunly hyzmatdaşlyga, amaly hem-de özara bähbitli netijelere gönükdirilen işe taýýardygyny tassyklady. Mejlisde sebit we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti London Uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022