BMGÖM Hazar deňzinde plastik hapalanmanyň öňüni almak taslamasyny işe girizýär

BT
BMGÖM Hazar deňzinde plastik hapalanmanyň öňüni almak taslamasyny işe girizýär
Hazar deňzi, Türkmenistan

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasynyň Sekretariaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde “Deňiz zibilleri we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreş – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme” atly sebit taslamasynyň başlanmagy mynasybetli tanyşdyryş maslahatyny geçirdi.

Çärä degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara taslamanyň wezipeleri we esasy ugurlary, şol sanda galyndylary dolandyrmak ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek, gözegçiligi ösdürmek we hapalanmagyň öňüni almak, şeýle hem Tähran konwensiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri barada maglumat berildi.

“Sebit başlangyjy deňiz zibilleriniň çeşmeleri we gelýän ugurlary barada maglumatlary ýygnamak we seljermek, kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, galyndylary dolandyrmak ulgamyna maýa goýumlaryny höweslendirmek, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň, zenanlaryň we telekeçiligiň gatnaşygyny giňeltmek ýaly çäreleri öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar” diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa toplumynyň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belledi.

Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Türkmenistanda durmuşa geçirilýär we 2027-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli dowam eder.

Taslamanyň başladylmagy Hazarýaka ýurtlarynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge we Hazar deňziniň üýtgeşik ekoulgamyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleri görmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022