Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Aşgabatda Owganystanyň Standart we hil meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Molla Faizullah Tamimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar standartlaşdyryş, sertifiksiýa we harytlaryň hilini üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar özara haryt dolanyşygyny artdyrmakda hil talaplaryna laýyklygyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Geçirilen duşuşyk türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy.


















