Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky Slowakiýa Respublikasynyň hemişelik wekili Ýuraý Noçiar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
Gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi seljerildi we durnukly hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisi hökmünde yzygiderli syýasy dialogy we ýokary derejeli gatnaşyklary saklamagyň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurlygy, şeýle hem hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistan–ÝB hyzmatdaşlygynyň gün tertibini özara bähbitlere laýyk gelýän täze ugurlar arkaly giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Mundan başga-da, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ugur strategiki ähmiýete eýe bolýar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.


















