Türkmenistanyñ daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow anna güni Baku şäherinde Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyñ häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmuna eýe bolandygyny nygtadylar.
Şeýle-de, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle duşuşyklar durnukly syýasy dialogy dowam etdirmäge, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlary özara goldamaga ýardam edýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy görkezdiler. Bu ugurda ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek, multimodal geçelgeleri giňeltmek hem-de serhetüsti amallary ýönekeýleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäreleriň özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly şertleri döredýändigini bellediler.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.


















