Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 2 – 4-nji aprelinde “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly iri halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň “Net Organization” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Habarda bellenilişi ýaly, serginiň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de maýa goýum işjeňligini höweslendirmekden ybaratdyr.
“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly sergide sanlylaşdyrma, “ýaşyl” tehnologiýalar, senagat we logistika ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütler görkeziler. Şeýle hem ýerli önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze bazarlara çykmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Işewürlik duşuşyklary, taslamalaryň tanyşdyrylyşy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga ýardam eder diýip, habarda bellenilýär.


















