Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, ABŞ) täze hemişelik wekilini wezipä belledi. Bu barada “Watan” habarlary gepleşigi habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Aksoltan Ataýewa Töräýewnanyň başga işe geçýänligi sebäpli Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, ABŞ) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky, Türkmenistanyň Braziliýa Ferderatiw Respublikasyndaky hem-de Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu wezipä Wepa Hajyýewi belläp, ony Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölümindäki hemişelik wekili, Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi





31368-495x4352.jpeg)




31368-90x604.jpeg)






