Türkmenistanyň raýatlaryna Azerbaýjana elektron wizany türkmen dilinde resmileşdirmek mümkinçiligi döredildi. Şu maksat bilen “ASAN Visa” portalynyň türkmen dilindäki görnüşi işe girizildi diýip, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, portalyň türkmen dilindäki görnüşiniň işe girizilmegi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik hyzmaty we durmuş innowasiýalar boýunça döwlet agentligi tarapyndan Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde amala aşyryldy.
Bu başlangyç Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wizany almak tertibini ýeňilleşdirmäge hem-de onuň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň raýatlary portaly ulanyp, beýleki elýeterli diller bilen birlikde elektron wizany almak üçin arzany türkmen dilinde hem tabşyryp bilerler.








31379-495x4352.jpg)








